ANKA KIMYA WE KOZMETİK:
Kompaniýamyz 2007-nji ýylda Stambul şäheriniň Hadymköy etrabynda gurulmagyna garamazdan, köki 1964-nji ýylda gurlan we Türkiýaniň ilkinji ýuwujy serişde we himiýa desgalaryndan bolan ORON KIMA A.Ş. kompaniýasyna esaslanýar.
Esasy iş gömüşlerimiz ulanylyşa doly tabşyrmak şerti bilen çyg esgi, kosmetika, toz (külsüz) we suwuk ýuwujy serişde desgalaryň 3 ölçegli taslamasynyň taýýarlanmagy, gurulmagy bilen bir hatarda 120 sany görnüşi bolan çyg esgi ýelimleriň önümçiligi, 300 ys görnüşi bilen açyk atyr, daşky-gurşaw üçin ys berilýän serişdeler, efır ýagy we kosmetika önümçiligi, uçarlaryň gözegçiligi üçin himikatlaryň önümçiligi, awtoulaglaryň gözegçiligi üçin himikatlaryň önümçiligi, epoksid, izolýasiýa we gurluş himikatlaryň önümçiligi, ussat arassaçylyk himikatlaryň önümçiligi we konsantrirlenen arassaçylyk himikatlaryň önümçiligi boýunça kompaniýa degişli birnäçe kysymlar bilen bazara hyzmat berýäris.
ANKA KİMYA WE KOZMETİK kompaniýasy Türkiyäniň saglyk ministrliginiň gözegçiliginde bolup:
- ISO 9001 (kärhananyň önüminiň ýa-da hyzmatlarynyň halkara derejesinde kabul edilen dolandyryş ulgamyna laýyklykda üpjünçilik we dolandyrylyan dolandyryş düşünjesiniň netijesinde orta atylan we muňa görä hem kärhananyň önümleriniň we hyzmatlarynyň hiliniň dowamlylygynyň üpjün ediljekdiginiň ynamdarlygy hasaplanýar).
- ISO 14001 (daşky-gurşawy dolandyryş ulgamy, dürli önümçilik pudagynda önümiň ilkinji tapgyryndan başlap sarp edijä hödürlenyänçä geçen her ädimde daşky-gurşawyň täsirleri üns merkezinde saklanyp, önümçiligiň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ulgamlayyn işdir. ISO 14001, bir kompaniyanyň daşky-gurşawynyň ukyplylygynyn barlanmagynyň we kämilleşdirilmeginiň prosesini alyp barýan halkara standart bolup durýar.
- ISO 10002 (kärhanaňyzda kämilleşdirip boljak, arz-şikayatlaryňyz sebäplerini aýyryp boljak pudaklaryň kesgitlenmeginde kömek edýän, müşderiniň arz-şikaýatlaryny has täsirli we has peýdaly dolandyrmak üçin zerur bolan dolandyryş usullaryny görkezýär, has hem müşderä üpjün edýän hyzmatyňyzdan kanagatlanarly bolmagyny üpjün edýän dolandyryş ulgamydyr).
- ISO 22716-GM (kosmetikada gowy önümçilik işleri (GMP) kosmetika üçin täze Ýewropa birliginiň kadalarynyň esasy daşlaryndan biri bolup durýar. Bu kadalar sarp edijiniň ynamyny üpjün etmek üçin birnäçe ýokary zerurlyklary ýüze çykarýar. Ähli bu täze kanuny zerurlyklaryň içinde Ýewropa bazarynyň içinde aýlanýan ähli kosmetika önümleri ISO 22716 standartlarynda bellenen kosmetika gowy önümçilik işlerine laýyklykda öndürilmelidir. Standart kosmetika önümçilik zynjyryndaky ähli gatnaşyjylar Ýewropa ya-da Ýewropanyň daşynda tapawutsyz görnüşde gönüden-göni baglanyşygy bolup durýar. Materiallaryň öndürijileri, jemleýji önümi birleşdirijileri, paýlayjylary importçylar/eksportçylary, ähli gatnaşyjylar muňa bagly bolup durýar we täze jogapkärçilikler bellenilýär.
- ISO 18001 (iş saglygy we howpsuzlygyny dolandyryş ulgamy boýunça talaplary kesgitleyän halkara standartdyr. OHSAS 180001 kärhanalaryň hil, daşky-gurşaw we iş saglygy we howpsuzlygy dolandyryş ulgamlaryny integrirlemegi üçin üpjün etmek maksady bilen ISO 9001 we ISO 14001 standartlaryna amatly boljak görnüşde kämilleşdirildi. Halkara saglyk we howpsyzlyk standartlaryna degişli ähli kärhanalar üçin hökmany bolup durýar).
- MÖÇBERINIŇ KEPILNAMASY (Bir kompaniýanyň bar bolan enjamlary we işçi güýji bilen bir ýylyn içinde näçe sany önümçilik amala aşyryp biljekdiginiň belli bir ölçeginde hereket edýän ylmy görnüşde kesgitleýän netijeleri görkezýän resminama bolup durýar).
- SAGLYK MINISTRLIGINE HABAR BERIŞ RESMINAMASY (ähli kosmetika önümleri (atyr, şampun, makiýaž serişdeleri, deri gözegçiliginiň önümleri we ş.m.) üçin saglyk ministrligine, kosmetikanyň habar berilmegi üçin ýüz tutulmalydyr. Kompaniýanyň adyna kosmetika habaryny kabul ediş resminamasynyň taýýarlanmagy zerur bolup durýar.
- SAGLYK ŞAHADATNAMASY (Saglyk şahadatnamasy bar bolan önümler, zerur bolan ähli synaglardan geçirilip daşary ýurtda satylmagyna laýykdygyny görkezer).
- BAŞGA ARASSAÇYLYK GURAMAÇYLYGYNYŇ RUGSATNAMASY -HÄKIMLIGIŇ RUGSATNAMASY (Türkiýede gynansak hem birnäçe kompaniýa häkimligiň rugsady bolmazdan kanunsyz ýagdaýda önümçiligi alyp barýar, rugsady bolmadyk kompaniýa önümçiligi amala aşyryp bilmeýänligi üçin möçberiniň kepilnamasyny almaýar, emma ähli ISO resminamalaryny tölegini geçirip alyp biler, şol sebäpli iş alyp barýan kompaniyaňyzda soramagyňyz zerur bolan esasy zat satyn alyp bolmaýan we hakyky öndürijide bolmagy zerur bolan hökmany we ýeke-täk resminama şu bolup durýar.
Resminamalaryň ählisine eýe bolup, bu resminamalar bilen bir hatarda ähli önümleriň dermatologiki, mikrobiologiki we Çhallenge synaglary her 6 aydan bir gezek halkara derejede akreditirlenen barlaghanalarda geçirilýär. MSTS, TDS, Sazlaşyk synaglary öz barlaghanamyzda himiýa inženerlerimiz we himiýaçylarymyz tarapyndan dowamly alnyp barylýar.
Kompaniýamyzyň umumy maksady siz hormatly müşderilerimize öz hyýalyňyzdaky desga eýe bolan ýeriňize laýyk görnüşde 3 ölçegli görnüşde durmuşa geçirip, tassyklanyňyzdan soň, ähli zerur bolan enjamlary, ýer örtüklerini, ýylylyk we suw izolýasiya, stabilizator otaglary, yşyklandyryş, kompressor, suw çykdajylary, suw ambrazuralary, wentilýasiya, sazlamak ýaly ýüzlerçe komponentlerden ybarat bolan desgany doly ulanyşa tabşyrmak ya-da tayyar desgaňyzyň tertiplenmegi görnüşinde hyzmat berýär. Desga tabşyrylyança ähli önümleriňizin fason önümçiligini in amatly şekilde Anka Kima desgalarynda öndürip, bazara çykaryp, kysmynyň yayramagy üçin ähli işgärler toparymyz bilen hyzmat berýäris. Desganyň tabşyrylmagynda ýyllyk şertnamalaryň çäklerinde 5000 Ýewro tölegi bolan şahadatnamaly barlaghana ulanyş we synag usullaryny owretmek boýunça tölegsiz okuw alyp bilersiňiz we desganyň gurluşygynda ähli desganyň dolandyryşyny 10 günlük tölegsiz okuw bilen alyp baryp bilersiňiz.
IŇ GYSGA WAGTDA HABARLAŞMAK UMYDY BILEN,
BURJU – BARYŞ ERGIN.